Dünýä kinosynyň ussat aktýorlarynyň biri Deniel Deý-Lýuis Amerikanyň kinotankytçylarynyň milli geňeşiniň baýragyny režissýor Martin Skorzesä gowşurdy diýip, «Associated Press» habarlar gullugyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar. «Men Martiniň döredijiligini özüm üçin açanymda, ýetginjekdim. Ol meniň üçin syrly we özüne imrindiriji dünýäleri açan ajaýyp režissýordyr» diýip, mundan birnäçe ýyl öň kinodaky kärini tamamlan aktýor baýrak gowşurýarka aýtdy. Deý-Lýuis Skorzese bilen «Nýu-Ýorkuň garakçy toparlary» we «Bigünälik eýýamy» atly filmlerde işledi, ol çykyşynda Skorzese bilen hyzmatdaşlygyny öz ömrüniň iň beýik şatlygy hem-de garaşylmadyk serpaýy hökmünde häsiýetlendirdi. Mundan soň sahna çykan Martin Skorzese aktýora bilelikde ýene bir film döretmegiň wagtynyň gelendigini duýdurdy. 2017-nji ýylda aktýor Deniel Deý-Lýuis «Variety» neşirine özüniň kinodaky kärini tamamlaýandygyny habar berdi, ol munuň sebäpleri barada hiç hili düşündiriş bermedi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir