Argentinada soňky 34 ýylda iň ýokary hümmetsizlenme hasaba alyndy diýip, «24KZ» habar berdi. Geçen dekabrda ol ýene 28 göterim artdy. Bu milli pesonyň garaşylmadyk dewalwasiýasy bilen bagly döredi. Ol ýurduň täze Prezidenti Hawýer Mileý tarapyndan durmuşa geçirildi. Häzirki günde Argentinada nyrhlar iň ýokary derejede gymmatlady, mysal üçin, benziniň bahasy 60 göterim, ýerli ilatyň esasy nahary bolan sygyr eti 73 göterim gymmatlady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir