2023-nji ýylda 32 müňden gowrak türkmenistanly goňşy Özbegistana syýahat etdi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berdi. Hasabat döwründe Özbegistana iň köp syýahatçy Russiýa Federasiýasyndan gelipdir. Has takygy, geçen ýylda 235,3 müň sany russiýaly dynç almak we syýahat etmek maksady bilen Özbegistanda bolupdyr. Şeýle-de, Özbegistana syýahat eden raýatlarynyň sany boýunça ilkinji bäşlikde Gazagystanyň (63,4 müň), Gyrgyz Respublikasynyň (43,8 müň), Täjigistanyň (43,4 müň) hem-de Türkiýäniň (38,3 müň) ady bar. 2023-nji ýylda 32,2 müň raýaty goňşy ýurda syýahat eden Türkmenistan bu sanawda ýedinji basgançakda ýerleşipdir. Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylyň dowamynda Özbegistan dynç almak üçin gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň 773,3 müň sanysyny kabul edipdir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir