Amazfit akylly sagatlaryny öndürijisi hökmünde tanalýan Zepp kompaniýasy täze fitnes garniturasyny - Amazfit Helio Ring akylly ýüzügini hödürledi. Bu barada Ferra Trusted Review-a salgylanyp habar berýär. Ukyny yzarlamaga gönükdirilen beýleki barmaga dakylýan enjamlardan tapawutlylykda, Amazfit markasynyň ilkinji akylly ýüzügi saglyga gözegçilik eder. Ol ulanyjynyň akyl we fiziki ýagdaýy barada giňişleýin maglumatlary ýygnar we smartfon programmasy arkaly düşnükli gündelik taýýarlyk görkezijisini üpjün eder. Amazfit Helio Ring 2,6 mm galyňlykdaky titanium ergini örtükli daşyndan gaty ýönekeý görünýän ýüzükdir. Enjamyň agramy 4 g-den az we 100 metr çuňluga çümmäge mümkinçilik berýän suwdan goraýjylygy 10ATM-dir. Işläp düzüjiler Amazfit Cheetah Pro ýaly Amazfit akylly sagatlarynyň üstüni ýetirmek üçin Helio Ring-i döredendiklerini, emma ony ugurdaş enjamsyz hem dakyp boljakdygyny bellediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir