Habar beriş serişdeleri Hytaýyň Realme smartfon öndürijisi bilen Şweýsariýanyň meşhur Rolex sagat brendiniň arasynda bolup biläýjek hyzmatdaşlygy habar berýär. Bu hyzmatdaşlyga yşarat edýän suratlar X sosial ulgamynyň resmi sahypasynda çap edildi diýip, Ferra habar berýär. Suratlarda Realme 12 Pro + smartfonynyň işläp taýýarlanyş prosesi görkezýär. Habarlarda Roleks hakda gönüden-göni agzalmasa-da, hytaý kompaniýasy sosial tor arkaly Roleks sagat kompaniýasynyň nyşanyna meňzeş emodzi ulanyp, meşhur kaşaň sagat dizaýneri Oliwýe Saweo bilen işleşmeklige yşarat edip, inçelik bilen hyzmatdaşlygy teklip edýär. Mundan başga-da, habar beriş serişdeleri kompaniýanyň täze smartfon hödürlemegine garaşylýan sene barada ýazýarlar, bu 28-nji ýanwardyr. Realme 12 Pro bilen 12 Pro + kompaniýanyň flagmanlarynyň indiki gaýtalanmasy bolar diýip garaşylýar. Olardan iň bolmanda birisi periskop kamerasy bilen geler diýip, Realme öň birnäçe tizerinde aýdypdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir