Moskwanyň Döwlet geodeziýa we kartografiýa uniwersitetiniň we Russiýanyň Döwlet bellige alyş, kadastr we kartografiýa baradaky federal gullugynyň wekilleri geodeziýa, kartografiýa we ýer kadastry pudagynda ylmy we amaly hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin Türkmenistana geldiler. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde habar berilýär. Bellenilişi ýaly, saparyň dowamynda russiýaly hünärmenler Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrliginde duşuşyklary geçirdiler, olaryň dowamynda degişli hünärmenleri taýýarlamak we bilelikdäki ylmy we amaly çäreleri geçirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Russiýadan gelen myhmanlar Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we Türkmen oba hojalyk institutynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdiler. Olaryň dowamynda Türkmenistanda geodeziýanyň, kartografiýanyň we ýer kadastryň ösüşiniň geljegi hem-de ýurdumyzyň bu ugurlardaky zerurlyklaryny uniwersitetleriň okuw meýilnamalarynda görkezmek mümkinçiligi barada pikir alşyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir