Antuan Grizmann Ispaniýanyň Superkubogynyň ýarym finalynda «Atletikonyň» düzüminde geçirilen oýunlardaky 174-nji goluny tora girizdi. Şeýlelikde, Fransiýanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy «Atletiko» üçin girizilen gollar boýunça birinji orny eýeledi. «Real» bilen oýundan öň hüjümçi Luis Aragones bilen birinji orny paýlaşýardy – olaryň hersinde 173 gol bardy. «Meniň üçin bu ajaýyp zat – buýsanjymyň çeşmesi» diýip, Grizmann belleýär. Grizmann 2014-nji ýylda «Real Sosýedad» toparyndan «Atletiko» toparyna geçdi we bäş ýyl madridliler bilen oýnady. Ondan soň fransuz iki möwsüm «Barselonada» çykyş etdi. 2021-nji ýylda hüjümçi Madridiň toparyna gaýdyp geldi. 2023/24-nji möwsümde Grizmann ähli ýaryşlarda «Atletikonyň» düzüminde 27 oýna gatnaşdy, şolarda 17 pökgi geçirdi we 3 ýardam pasyny berdi. Oýunçynyň Madridiň topary bilen baglaşan şertnamasy 2026-njy ýylyň tomsuna çenli dowam edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir