Tehnologiýa ägirdi «Microsoft» dünýädäki iň gymmat kompaniýalaryň sanawynda «Apple-den» öňe geçdi diýip, «Reuters» agentligi habar berýär. «Microsoft» (MSFT) tehnologiýalar kompaniýasynyň paýnamalary NASDAQ söwda biržasynda 1,5% ýokarlandy. Netijede, kompaniýanyň bazar bahasy 2,888 trillion dollara ýetdi. Şol bir wagtyň özünde, «Apple» (AAPL) kompaniýasynyň paýnamalary 0,3 göterim azaldy we onuň bazar bahasy 2,887 trillion dollar boldy. Bellenilmegine görä, «Apple-iň» bazar bahasy 2021-nji ýyldan bäri ilkinji gezek programma üpjünçiligi öndürijisi «Microsoft-yň» maýa serişdelerinden pes boldy. Şol wagt COVID-19 sebäpli üpjünçilik zynjyrynyň kesilmegi baradaky aladalar «Apple-iň» aksiýalarynyň bahasyna agyr täsir edýärdi. «Microsoft-yň» 1,8 göterim ýokarlanmagy bilen deňeşdirilende, «Apple-iň» paýnamalary ýanwar aýynda 3,3 göterim pese gaçdy. «Apple-iň» aksiýalarynyň gowşaklygy seljerijilerde reýtinginiň peselmegi bilen ýüze çykdy, bu bolsa «iPhone-yň» satuwynyň, esasanam kompaniýanyň esasy bazary bolan Hytaýdaky satuwynyň gowşak galjakdygy baradaky aladalary döretdi. «Redburn Atlantic» broker kompaniýasynyň hünärmenleriniň pikiriçe, Hytaýdaky satuwlar «Apple-iň» ýakyn ýyllardaky girdejileriniň ösüşini çäklendirip biler. Olar Hytaýyň tehnologiýa ägirdi «Huawei» bilen bäsdeşlige we Hytaý-ABŞ gatnaşyklarynda dartgynlyga ünsi çekdiler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir