Bangladeşiň premýer-ministri, “Awami lig” (“Halk ligasy”) partiýasynyň lideri Şeýh Hasina 7-nji ýanwarda geçiriljek parlament saýlawlarynda öz tarapdarlarynyň ýeňiş gazanmagyndan soň bäşinji gezek ýurduň hökümetine baştutan boldy. TASS-nyň habaryna görä, premýer-ministriň kasam kabul ediş dabarasy Dakkadaky prezident rezidensiýasynda geçirildi. Bellenen däp-dessurlara görä, Şeýh Hasina ýurduň prezidenti Şahabuddin Çuppunyň huzurynda kasam kabul etdi. Parlament saýlawlarynyň netijesinde “Awami lig” partiýasy kanun çykaryjy edarada bar bolan 298 ornuň 222-sini aldy. Şeýh Hasina 36 agzaly ministrler kabinetini teklip etdi. Geçen ýyllarda onda 45-den 62-ä çenli agza bardy. Premýer-ministriň yzyndan ministrler hem kasam kabul etdiler. 77 ýaşly Şeýh Hasina Bangladeşiň ilkinji prezidenti Mujibur Rahmanyň gyzy. Ol 1996-njy ýylda geçirilen saýlawlarda “Halk ligasy” ýeňenden soň ilkinji gezek hökümete ýolbaşçylyk etdi. 2007-nji ýylda ol parahorlukda we gorkuzyp almakda aýyplanyp, bir ýyl azatlykdan mahrum edildi, saglyk ýagdaýy sebäpli boşadyldy we bejergi almak üçin ABŞ-a gitdi. Şondan soň, 2009-njy, 2014-nji, 2018-nji we 2024-nji ýyllarda geçirilen saýlawlarynyň jemi boýunça premýer-ministriň wezipesini eýeledi. Şeýlelik bilen, Şeýh Hasina Bangladeşiň taryhynda hökümete iň köp baştutanlyk eden ýolbaşçydyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir