Laosyň Lao Telecom telearagatnaşyk kompaniýasy ýurtda 5G ykjam aragatnaşygynyň ýola goýlandygyny habar berdi diýip, TASS Vientiane Times gazetine salgylanyp habar berýär. Şereket bäş günlük “Laosyň Sanly tehnologiýa hepdesi – 2024”-iň çäginde 5G aragatnaşygynyň işläp başlandygyny mälim etdi, hepdeligiň dowamynda Lao Telecom aragatnaşygyň geljekki nesliniň, şol sanda wirtual hakykat tehnologiýalarynda we kosmos gözleginde ulanylyş mümkinçiligini görkezdi. Ondan öň bu kompaniýa Laosyň paýtagty Wýentýanada şäheriň möhüm ýerlerini öz içine alýan 5G aragatnaşygyny ýola goýupdy. Indi 5G formatyndaky aragatnaşyk gurşawyny tutuş ýurt boýunça giňeltmek meýilleşdirilýär. Laosda ol köp ugurlarda, şol sanda onlaýn-işewürlikde, onlaýn-söwdada, emeli aň tehnologiýalarynda, robot tehnikasynda, şeýle hem senagatda we oba hojalygynda ulanylar. 5G - ykjam aragatnaşygyň täze nesli, öňki standartlaryň (GSM, 3G, 4G / LTE) ösüşiniň dowamydyr. 5G ulgamynyň synag meýdançalarynda maglumatlary geçirmegiň rekord tizligi 25 Gbit / s-a ýetdi. Şeýle görkezijiler Ultra HD durulykda onlaýn režiminde wideolary ýaýlyma bermäge mümkinçilik berýär.