Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler ministrliginiň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasynyň taslamasy barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Hususan-da, resminamada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy, 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň kabul eden resminamalaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň diplomatik gullugy tarapyndan ähli zerur işleriň guralmagy we durmuşa geçirilmegi babatdaky çäreler göz öňünde tutulýar. Şeýle-de onda Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi ugrunda alnyp baryljak işler beýan edilýär. Daşary ýurt döwletleri bilen dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, ikitaraplaýyn saparlary we syýasy geňeşmeleri guramak göz öňünde tutulýar. Iş meýilnamasyna laýyklykda, dürli ýurtlar bilen medeniýet, ylym, bilim, sport, saglygy goraýyş, syýahatçylyk ulgamlarynda maslahatlary, okuw sapaklaryny, sergileri we beýleki çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, agzalan meýilnama halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk, maglumat işleri, sanly diplomatiýa ýaly ugurlary öz içine alýar. Resminamada halkara ykdysady hyzmatdaşlyga möhüm orun berilýär. Hususan-da, Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň arasynda döredilen ikitaraplaýyn hökümetara toparlaryň işjeňligini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerine, maýa goýum taýdan özüne çekijiligine bolan gyzyklanmany artdyrmak boýunça degişli döwlet edaralary, kompaniýalar we banklar, halkara ykdysady, maliýe guramalary bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek ýaly çäreleri özünde jemleýär. Resminamada Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn resminamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak hem göz öňünde tutulýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir