Wise-premýer B.Annamämmedow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna dürli ölçegdäki polat turbalary öndürjek täze, döwrebap bilelikdäki kärhanany döretmek boýunça işleriň geçirilýändigi barada aýdyp, degişli teklip beýan etdi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanynyň tabşyryklaryna laýyklykda, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu işlere ýurdumyzyň telekeçilik düzümleriniň wekilleri hem işjeň çekilýär. Şunuň bilen baglylykda, öňdebaryjy tehnologiýalardyr enjamlar bilen üpjün edilen, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümleri, hususan-da, hususan-da, dürli ölçegdäki polat turbalary öndürjek täze, döwrebap bilelikdäki kärhanany döretmek boýunça işleriň geçirilýändigi barada aýdyldy hem-de degişli teklip beýan edildi. Serdar Berdimuhamedow döwlet we hususy tarapyň gatnaşmagynda önümçilik kärhanasyny döretmek baradaky beýan edilen teklibi makullap, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir