ABŞ-nyň öňki prezidenti Barak Obama karýerasynda ikinji gezek Emmy telewizion baýragyny aldy. Emin agzalary Obamany “görnükli kyssaçy” diýip bellemek bilen oňa baýragy Netflix-iň Working: What We Do All Day (Iş: Biz tutuş günläp näme edýäris) atly dokumental programmasy üçin gowşurdy diýip, baýragyň web sahypasyna salgylanýan RBK habar berýär. Creative Arts Emmy Awards kreatiw sungat üçin berilýän Emmy baýragynyň 75-nji gowşurylyş dabarasy Los-Anželesde geçirildi. Realiti-şoulary ýa-da dokumental filmleri döretmäge gatnaşan medeniýet işgärlerine baýrak gowşurylýan bu çäre 15-nji ýanwarda meýilleşdirilýän Emmy Awards baýrak gowşurylyş dabarasynyň öňüsyrasynda bolýar. Ak tamyň öňki baştutany Amerikada ýaşaýan dürli adamlaryň işleri baradaky tomaşa-gepleşigi üçin heýkel aldy. “Iş: Biz tutuş günläp näme edýäris” dört bölümli serialdyr, maý aýynda Netflix-de ilkinji gezek görkezildi. Bu dürli hünärlerdäki adamlaryň tejribesini öwrenmek, işçileriň öz işine nähili yhlas siňdirýändigini we munuň olara näme berýändigini görkezmäge edilen synanyşyk. Taslamasynda Obama dürli adamlar bilen gürrüňdeş bolýar we filme hekaýatçy hökmünde ses berýär. Ol aýaly Mişel Obama bilen bilelikde taslamanyň prodýuserleri hasaplanýar. Bu ABŞ-nyň öňki prezidentiniň ikinji Emmy baýragydyr. Ilkinji gezek baýragy ol 2022-nji ýylda ABŞ-nyň milli seýilgähleri baradaky filmi üçin aldy. Şonda hem “Dünýäniň iň gowy milli seýilgähleri” taslamasynda ses berenligi üçin “Iň gowy kyssaçy” kategoriýasynda ýeňiji bolupdy. Obama ABŞ-nyň taryhynda “Emmi”-ni alan ikinji prezidentdir. Ondan öň ýörite “Emmi” baýragyny 1956-njy ýylda Duaýt Eýzenhauer alypdy. Şeýle hem, Obama ýatlamalarynyň audio görnüşlerini, “Umyt batyrlygy” we “Arzuw edilýän ýurt” atly ýatlamalarynyň audio görnüşine ses berendigi üçin iki sany Grammy baýragyny aldy. Aýaly Mişel Obama hem audiokitaby üçin 2020-nji ýylda Grammy baýragyny aldy. Barak Obama 2009-njy we 2013-nji ýyllarda iki gezek ABŞ-nyň prezidenti saýlandy. 2009-njy ýylda "halkara diplomatiýasyny we adamlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmekdäki adatdan daşary tagallalary üçin" Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyny aldy. Ol prezident saýlanmazdan ozal Illinoýs ştatynyň senatorydy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir