BMW Las-Wegasdaky CES sergisinde kompaniýanyň geljekki önümçilik awtoulaglaryna ornaşdyryljak birnäçe täzelikleri görkezdi diýip habar beripdik. Olaryň arasynda ulag sürende geýilýän giňeldilen hakykat äýnekleri hem bar diýip, auto.ru habar berýär. Nemes awtoulag öndürijisi köp ýyllardan bäri giňeldilen hakykat enjamlaryny we awtoulag sürmek prosesini utgaşdyrmagyň üstünde işleýär. Indi inženerler hereket edýän awtoulagda durnukly “üsti ýetirilen” mazmuny almagy başardylar. Bu äýnek nawigator maslahatlaryny we awtoulag duralga goýlanda daş-töweregindäki zatlar bilen baglanyşykly howp duýduryşlaryny we awtoulag duralgalarynda güýmenje mazmunyny görkezmek arkaly sürüjä kömek edip biler. Şeýle hem, BMW bortdaky media ulgam üçin tanyşdyryş oýun dolandyryjylarynda hem-de emeli aňy we generatiw modelleri ulanyp işleýän ses kömekçisiniň täze wersiýasyny görkezdi. Täze programma üpjünçiliginiň girizilmegi ses kömekçisine ulanyjy bilen has tebigy we ýakyn gatnaşyk saklamaga mümkinçilik berer.