ABŞ-nyň ýaşaýjysy satyjynyň maslahaty bilen utuşly bolup çykan lotereýa petegini satyn alyp, 2 mln dollaryň eýesi boldy. Bu barada Channel 6 habar berýär. Şeýlelikde, azyk önümleri dükanyndaky satyjy Miçigan ştatynyň Gladston şäherinden 30 ýaşly aýala täze Cash Multiplier lotereýasynyň petegini satyn almagy teklip etdi. Onuň baş baýragy 2 mln dollara barabar. Aýal satyjyny diňläp, onuň maslahat beren petegini satyn aldy. Haçan-da ol öýüne gelende, kagyzdan gorag gatlagyny bozdy we ýeňiji bolandygyna birbada ynanmady. Ol bu şatlykly habar bilen paýlaşmak üçin kakasyna jaň etdi. “Maňa bularyň ählisine ynanmak kyn düşdi. Men kakama jaň etdim welin, ol petegi barlamak üçin satyja alyp gitmelidigimi aýtdy. Haçan-da satyjy munuň utuşly petekdigini tassyklanda, men ýene kakama jaň edip, begençden ýaňa gygyryp başladym” – diýip, aýal aýdýar. Aýal utuşy 1,3 mln möçberde bir wagtda töleg görnüşinde almagy makul bildi. Ol öz adyny bolsa aýan etmezlik kararyna geldi. Lotereýa ýeňijisi alan pulunyň kömegi bilen toplanan bergileri üzmegi meýilleşdirýändigini, galan mukdary bolsa bir zada maýa goýmagy isleýändigini aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir