Kanadanyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän «NuraLogix» kompaniýasy «CES 2024» sergisinde adamyň ýüzüni, deriniň aşagyndaky käbir gan damarlaryny gözden geçirip, alnan maglumatlaryň esasynda onlarça keseliň alamatlaryny kesgitleýän «Anura MagicMirror» atly «jadyly aýnasyny» tanyşdyrdy. «Anura MagicMirror» 21,5 dýuým ekrany bolan, kameralar we beýleki sensorlar bilen üpjün edilen stoly enjamydyr. Ol adamyň ýüzüni skanirläp, ilki bilen, gan aýlanyşyny seljerýär. Enjam ýüzüň damarlaryny anyklamak üçin patentlenen transdermal optiki şekillendiriş tehnologiýasyny ulanýar. Maşyn öwreniş algoritmleri 100-den gowrak saglyk parametrlerini seljermek üçin maglumatlary peýdalanýar. «NuraLogix» kompaniýasynda «MagicMirror-yň» gan basyşy, bedeniň agram görkezijisi, ýürek urşunyň üýtgemegi hem-de ýygylygy, dem alyş tizligi we ýüzüň derisiniň ýaşy barada maglumat berip biljekdigini aýdýar. Şeýle hem enjam süýji keseliniň, ýürek-damar keselleriniň, insultyň, gipertoniýanyň, bagryň ýagly keseliniň we beýlekileri döremek howpuny bahalandyryp bilýär. Şeýle hem enjam psihiki saglygy bahalandyryp, alada hem-de depressiýa alamatlaryny ýüze çykarýar. Ýüzi skanirlemek işi bary-ýogy 30 sekunt dowam edýär. Netijede, ulanyjy potensial patologiýalar barada maglumat alýar. Enjamyň önümçilige çykjak senesi we bahasy aýan edilmeýär. «Anura MagicMirror» hassahanalaryň garaşylýan otaglarynda we garrylar öýlerinde ulanylar diýlip çaklanylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir