Hytaýly alymlar dünýäniň iň beýik dik gök önüm fermasyny döretdiler. Ferma Hytaýyň Siçuan welaýatynda guruldy we ol 20 gatly jaýyň beýikligindäki binadyr. Taslamanyň esasy aýratynlygy – häzirki zaman ýyladyşhana hyzmat edýän awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň we robotlaryň peýdalanylmagydyr. Bu taslamanyň işlenip düzülmegi netijesinde ýurduň ilaty howa şertlerine garamazdan, ter gök önümleri bilen üpjün ediler diýip, «MIR24» CGTN gullugyna salgylanyp habar berýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir