Hytaýly alymlar garramagy haýalladyp bilýän mehanizm döretdiler. Oýlap tapyjylar nanotehnologiýa arkaly karkas implantyny döretdiler. Onuň maksady adam bedenini wodorod bilen üpjün etmekden ybaratdyr. Bu madda garrylygyň dürli görnüşlerine: ýatkeşligiň ýaramazlaşmagyna, myşsa massasynyň azalmagyna garşy göreşmek üçin niýetlenendir. Şeýle hem wodorod deriniň garramagyna sebäp bolýan islendik zäherli bölejiklere garşy serişde hökmünde çykyş edýär. Mundan başga-da, bu element bedeniň käbir öýjüklerini dikeldýär. Degişli barlagyň netijeleri «Nature Communications» žurnalynda çap edildi.