Meşhur bloger Mark Braunli «Google Pixel 7a-ny» 2023-nji ýylda bazardaky iň gowy kameraly smartfon diýip atlandyrdy. Ol muny özüniň «YouTube» kanalyndaky wideoda belledi. Synaglarda bloger dört topara bölünen 20 sany smartfon ulandy. Soňra awtor ses berişlik üçin ýörite sahypa döretdi, onda ulanyjylar alnan iň gowy suratlary saýladylar, emma olaryň haýsy smartfonda alnandygy mälim edilmedi. Her enjama utuk berildi. Synagyň netijelerine görä, «Google Pixel 7a» 1660 toplap, iň gowy kamerasy bolan smartfon hökmünde saýlandy. Sanawyň ilkinji üçlüginde «Google» brendiniň beýleki smartfonlary – «Pixel 8 Pro» flagmany we eplenýän «Pixel Fold» ýerleşdi. Şeýle hem ilkinji onluga «OnePlus Open», «Samsung Galaxy S23», «Samsung Z Flip 5», «iPhone 15 Pro», «Vivo X90 Pro», «Samsung Z Fold 5» we «Moto RAZR Plus» girdi. Aýry-aýry synaglarda – gündizine surata düşürmekde «Google Pixel 7a» ýeňiş gazandy. Pes yşyklandyryş şertlerinde surata düşürilende «iPhone 15 Pro», portret režiminde bolsa «Google Pixel 8 Pro» iň gowy diýlip yglan edildi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir