Demirgazyk Amerikanyň Esasy futbol ligasynyň (MLS) kluby «Sporting Kanzas-Siti» öz meýdançasynda «Inter Maýami» bilen geçirjek duşuşygyny myhmanlaryň argentinaly Lionel Messiniň meşhurlygy sebäpli başga bir stadiona geçirdi. Bu barada «Kanzas-Sitiniň» resmi web sahypasynda habar berilýär. «Sporting Kanzas-Siti» bilen «Inter Maýami» toparlarynyň arasyndaky oýun 13-nji aprelde geçiriler. Kanzasyň futbol topary 18467 tomaşaçy üçin niýetlenen «Çildrens Mersi Park» stadionynda oýnaýar. Messiniň toparyna garşy oýun 76416 adamlyk «Errowhed Stedium» stadionynda geçiriler. «Bu oýna liga senenamasyny çykaraly bäri görlüp-eşidilmedik gyzyklanma döredi. Munuň şu ýazda Kanzas-Sitidäki iň uly waka boljakdygyna ynanýarys. Lionel Messiniň MLS-iň çäklerinde Orta Günbatarda, «Errowhed Stedium» stadionyndaky ilkinji oýnuny geçirmek mümkinçiligi diýseň tolgundyryjy. Çünki sebitimiz şu tomus Amerikanyň Kubogynyň oýunlaryny we 2026-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlaryny geçirmäge taýýarlyk görýär» diýip, «Sporting Kanzas-Siti» toparynyň baş direktory Jeýk Rid belledi. «Bu oýna gyzyklanma we isleg gaty ýokary, şonuň üçin biz iki klubyň hem, olaryň janköýerleriniň we tomaşaçylarynyň hem «Kanzas-Siti Çifs» toparynyň meýdançasynda geçiriljek täsin futbol oýnundan lezzet aljakdygyny bilýäris» diýip, amerikan futboly klubynyň prezidenti Mark Donowan aýtdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir