Ýaponiýanyň tehnologiýa ägirdi «Sony» we awtoulag öndürijisi «Honda» kompaniýalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde gurlan «Afeela» atly elektrikli sedany tanyşdyrdylar. Tanyşdyryş çäresi Las-Wegasda her ýyl geçirilýän «CES 2024» atly halkara hojalyk elektronika enjamlarynyň sergisinde geçirildi. Tanyşdyryş çäresiniň dowamynda «Sony Honda Mobility» (SHM) bilelikdäki kärhanasynyň prezidenti Izumi Kawanasi «Sony PlayStation 5» oýun enjamynyň «DualSence» geýmpady arkaly uzakdan dolandyryp, ulagy sahna çykardy. SMH-iň başlygy munuň taslamanyň tehniki mümkinçiliklerini görkezilmek üçin edilendigini, geljekki ulagyň yglan edilen aýratynlygy däldigini aýtdy. Şeýle hem elektrikli ulagyň multimediýa ulgamynyň ekranda wizual effektleri döretmek we neýroulgamlar arkaly awtoulagyň kamera ulgamyny kämilleşdirmek üçin wirtual gurşawy simulirlemek üçin «Unreal Engine 5.3» oýun hereketlendirijisini peýdalanjakdygy mälim boldy. «Sony Honda Mobility» «Afeela» ulagyny işläp düzmekde «Azure AI» bulut hasaplaýyş tehnologiýasyny ulanmak üçin «Microsoft» korporasiýasy bilen hyzmatdaşlyk edilendigini habar berdi. SMH ilkinji gezek «Afeela-ny» bir ýyl ozal «CES 2023-de» tanyşdyrypdy. Geljekki täze ulagyň tehniki aýratynlyklary heniz mälim edilmedi. Elektrikli awtoulagyň satuwynyň 2026-njy ýylda başlamagyna garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir