Apple amerikan kompaniýasy öz gurluşlarynyň işini bilkastlaýyn haýalladandygy üçin ABŞ-daky ulanyjylara kompensasiýa hökmünde 500 mln dollar tölär. Bu barada The Messenger portalyna salgylanyp, TASS habar berýär. HBS ABŞ-nyň kazyýetiniň kupertinoly kompaniýany käbir iPhone modelleriniň işini bilkastlaýyn haýallatmakda aýyplaýan toparlaýyn şikaýat arzasyndan soň kompaniýany ulanyjylara kompensasiýa tölemäge mejbur etdi. Prosesiň dowamynda Apple-iň birnäçe ýagdaýda smartfon öndürijiligini emeli usulda peseldendigi anyklanyldy. Kompaniýa munuň köneldigiçe akkumulýatorlaryň sygymynyň azalmagy bilen baglanyşyklydygyny aýtdy. Öndürijiniň şeýle usul bilen gurluşyň ulanylyş möhletini uzaltmak isländigi bellenilýär. Şeýle ýagdaý Beýik Britaniýada hem gözden geçirilýär, bu ýerde telefon işiniň bilkastlaýyn haýalladylandygy we müşderileri ýalňyşdyrandygy üçin şikaýatçylar 1,6 mlrd funt sterling (takmynan, $2 mlrd) talap edýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir