«Barselonanyň» we Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň öňki goragçysy Žerar Pike ýakyn wagtda tälimçi hökmünde futbola gaýdyp geljekdigini aýtdy. «Täze ýyl ýetip geldi we men içgin oýlananymdan soň, futbola dolanmak kararyna geldim. Men ony örän küýseýärin. Bu gezek oýunçy däl-de, tälimçi bolaryn. Hepdäniň ahyrynda anyk maglumatlary paýlaşaryn» diýip, Pike «Х» sosial ulgamynda ýazdy. Pike 2022-nji ýylyň noýabr aýynda oýunçy hökmünde karýerasyny tamamlady. Ol «Barselonanyň» oýunçysydyr. Pike «gök-gyrmyzylar» bilen sekiz gezek Ispaniýanyň çempiony, dört gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi, 7 gezek Ispaniýanyň Kubogynyň eýesi, Ispaniýanyň Superkubogynyň alty gezek ýeňijisi, üç gezek klublaryň arasynda dünýä çempiony we üç gezek UEFA-nyň Superkubogynyň eýesi boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir