Germaniýanyň Bayerische Motoren Werke AG awtoöndürijisi 2023-nji ýylda rekord 2,56 mln awtomobil satdy. Kompaniýanyň metbugat-relizinde habar berlişi ýaly, ýylyň dowamynda üpjünçilik 6,5% ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde, dördünji çärýekde ösüş 10% - 718,8 müň awtoulaga barabar boldy. 2023-nji ýylda BMW brendiniň awtoulaglarynyň satuwy 7,3% ýokarlanyp, 2,25 mln birlige, MINI – 0,9% ýokarlanyp, 295 müň birlige, Rolls Royce – 0,2% ýokarlanyp, 6032 awtoulaga ýetdi. Mundan başga-da, kompaniýa 209 müň motosikl satdy, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 3,1% köpdür. BMW öňde goýlan maksada ýetip, elektromobil paýyny umumy görkezijiniň 15%-ine ýetirdi. Elektrik hereketlendirijili awtoulaglaryň satuwy 74% ýokarlanyp, 376 müň birlige ýetdi. Şu ýyl kompaniýa 500 müňden gowrak elektrokar satmagy meýilleşdirýär. BMW satuwy ABŞ-da 9,4% - 395,7 müň awtomobile, Ýewropada 7,5% - 942,8 müň awtomobile, Hytaýda 4,2% - 824,9 müň awtomobile çenli ýokarlandy. Soňky üç aýda kompaniýanyň kapitalizasiýasy 3,6% ýokarlanyp, 63,8 mlrd ýewro ýetdi.