Immanuil Kant adyndaky Baltika federal uniwersitetiniň (BFU) hünärmenleri filosofiýa degişli temalar boýunça gürrüňdeşlik geçirmäge ukyply neýro ulgamyny döretdiler. TASS bu barada rus uniwersitetiniň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär. “Kant-bot” diýip atlandyrylýan bu neýro ulgamy uly dil modeliniň esasynda işleýär. Hatda, ol nemes filosofy Immanuel Kantyň tekstlerine we ideýalaryna esaslanyp, pelsepe, etika we döwrebaplyk bilen baglanyşykly kyn soraglara hem jogap berýär. BFU-nyň ylmy işgäri Wladimir Sawinowyň sözlerine görä, “Kant-bot” akyldaryň tekstleriniň esasynda rus, nemes we iňlis dillerinde tälim aldy. Kant-bot wagt, giňişlik we bagt düşünjelerine düşündirişlerini berip, olary Kantyň filosofiki ideýalaryndan täsirlenmek arkaly suratlandyrypdyr. Neýro ulgamy garaňky we çylşyrymly düşünjelere düşünişini görkezip, düşünjeleri seljerip we düşündirip bilmek ukybynyň bardygyny subut etdi . Döredijiler täze tehnologiki üstünligiň çekişmeleri we pelsepe düşünjesini täze derejä çykarmaga kömek etjekdigine ynanýarlar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir