Las-Wegasda geçirilen iň uly tehnologiýa sergisinde Sony özüniň giňeldilen hakykat garniturasyny (XR) hödürledi. Gadgets360-a salgylanýan Ferra-nyň habar bermegine görä, enjam 4K durulykly iki sany OLED ekran we iki dolandyryjy bilen enjamlaşdyrylandyr. Sony-niň garniturasyny eýýäm Apple Vision Pro-nyň potensial bäsdeşi diýip atlandyrýarlar. Sony önümine entek at bermedi, ýöne kompaniýa munuň 3D modeller, interfeýsler we aýtdyrmakda hem-de redaktirlemekde ýörite enjamlary talap edýän beýleki mazmun bilen täsirleşmek üçin guraldygyny aýtdylar. XR-şlemde iki sany dolandyryjy bar. Biri umumy wirtual hakykat (VR) garnituralary üçin standartlaşdyrylan uzakdan dolandyrmakdyr. Ikinjisi - barmaga dakylýan ýüzük. Şlemiň ekranlary DCI-P3 reňk gammasynyň 96%-ni öz içine alýar. Garnitura Qualcomm-yň ýörite Snapdragon XR2+ Gen 2 çipinde işleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir