Meşhur «AnTuTu» bençmarkynyň hünärmenleri halkara bazary üçin «Android» operasion ulgamynda işleýän iň öndürijilikli smartfonlaryň dekabr aýyndaky reýtingini hödürlediler. Iň soňky reýting, şol sanda öňdebaryjy üçlük hem köp tarapdan üýtgedi. Noýabr aýynda bu sanawda «Qualcomm Snapdragon 8 Gen3» flagman platformasyna esaslanan täze «Xiaomi 14 Pro» birinji orunda durýardy, «Nubia Z50S Pro» we «Red Magic 8 Pro+» bolsa ikinji hem-de üçünji orunlary eýeläpdiler. Emma dekabr aýynyň ahyrynda bu enjamlaryň üçüsi hem ilkinji 10-luga-da girip bilmedi. Indi birinji orny «Snapdragon 8 Gen3» bilen işleýän «iQOO 12» eýeleýär. Ikinji we üçünji orunlarda «Snapdragon 8 Gen2» bilen işleýän «Xiaomi 13» we «Samsung Galaxy S23 Ultra» ýerleşdi. Şeýle hem ilkinji onluga «Samsung Galaxy S23+», «Nubia Z50», «Galaxy S23», «Xiaomi 13T Pro», «OnePlus 11», «Honor Magic5» we «Poco F5 Pro» girdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir