LG Las-Wegasdaky CES-de adaty bolmadyk önümi - Alpha-able atly täze konsept-karyny hödürledi. Auto.ru-nyň habaryna görä, kompaniýa geljekki dronlaryň interýerleriniň nähili bolmalydygy baradaky göz öňüne getirmesini hödürledi. Döredijiler prototipi birnäçe dury çeýe displeýler bilen enjamlaşdyrdylar. LG Alpha-able-iň has özbaşdak we ulanylyşynda köptaraply bolmagy meýilleşdirildi. Kompaniýa fiziki taýdan iş meýdançasyna, dynç alynýan ýa-da garbanylýan ýere, hatda tigirli kinoteatra öwürmek mümkinçiligi arkaly bu maksada ýetmek kararyna geldi. Ikinjisi, dürli tarapa aýlap bolýan dury çeýe displeýleri ulanmak arkaly aňsatlaşdyrylýar. Alpha-able emeli aň elementli ses kömekçisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle hem, awtoulag bortdaky ekranlarda köşeşdiriji owkalama we rahatlandyryjy görnüşleri üpjün eder. LG-iň görkezen tehnologiýalaryny yzygiderli ulanmagyň geljegi barada entek habar berilmedi. Wegasda Continental şereketi hem dury displeýini görkezdi, ýöne onuň göz öňüne getirmesinde Swarovski kristalyna esaslanýan ekran stasionar bolýar. “LG” -den başga-da, Sony hem konsepsiýa elektrik awtoulagyny hödürledi, ýöne bu kompaniýanyň meýilnamalary has giň göwrümli: bu kompaniýa 2025-nji ýylda Honda bilen bilelikde Afeela sedanynyň önümçiligini ýola goýmakçy bolýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir