Portugaliýanyň «Benfika» futbol toparynyň akademiýasy 2014 – 2023-nji ýyllar aralygynda iň girdejili futbol akademiýasy boldy. Degişli barlagyň netijeleri Halkara sport barlaglary merkezi (CIES) tarapyndan neşir edildi. Bu barada TASS habar berýär. Hasabat döwründe Portugaliýanyň futbol toparynyň akademiýasy uçurymlarynyň beýleki toparlara geçmegi bilen 516 million ýewro gazandy. Ikinji orny Niderlandlaryň «Aýaks» toparynyň (376 million ýewro), üçünji orny Fransiýanyň «Lion» (370 million ýewro) toparynyň akademiýasy eýeledi. Şeýle hem ilkinji onluga Ispaniýanyň «Realy» (364 million ýewro), Angliýanyň «Çelsisi» (347 million ýewro), «Monako» (325 million ýewro), Portugaliýanyň «Sportingi» (306 million ýewro), Angliýanyň «Tottenhem» (256 million ýewro) we «Mançester Siti» (254 million ýewro) toparlary hem-de Italiýanyň «Atalantasy» (250 million ýewro) girdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir