ABŞ-da 10 asyr dowam etjek üýtgeşik bir tejribe geçirilýär. Arizona ştatyndaky Sonora çölünde dünýäde iň haýal hereket edýän kamera oturdyldy – bu gurluşyň bir suraty düşürmegi üçin dogry 1000 ýyl gerek. Enjam “müňýyllygyň kamerasy” diýlip atlandyrylýar diýip, hi-tech.mail.ru habar berýär. Kamera eýýäm çölüň peýzažyny surata düşürip başlady. Ilkinji surat 3023-nji ýylda peýda bolar. Gurluş metal sütünde oturdyldy, onuň özi bolsa misden taýýarlandy. Gajet Tumamok depesiniň pyýada ýodasyndaky oturgyjyň golaýynda ýerleşýär, onuň gapdalynda kameranyň maksadyny düşündirýän tablisajyk bar. Pyýada syýahatçylar jülgäniň gözelliginden lezzet alyp, bu ýerleriň ýene 1000 ýyldan nähili boljakdygy barada pikirlenip bilerler. Eger kamera 31-nji asyra çenli durup bilse, ahyrynda hereketsiz çöl depelerini we daş-töwerekdäki hereket edýän bulaşyk obýektleri (bulutlar, adamlar, haýwanlar we ş.m) şekillendirýän surat peýda bolar. Ýöne şol wagta çenli çölüň ýok bolmagy hem mümkin, belki, ýene 1000 ýyldan ol ýerde şäher peýda bolup biler. Şeýle uzak wagtyň içinde dürli zatlar bolup biler. Ideýanyň awtorlary kameranyň şunça wagtlap durjakdygyna hem ynanmaýarlar. Bu ideýa Arizona uniwersitetinden filosof Jonatan Kitse degişlidir. Taslamanyň maksady kamerany biziň 10-njy derejeli çowluklarymyza planetanyň nähili üýtgändigini görkezip biljek wagt kapsulasyna öwürmekdir. Jonatan Kits şu ýyl hem şuňa meňzeş “müňýyllygyň kameralaryny” oturtmagy meýilleşdirýär. Olar Los-Anjelesdäki Griffit seýilgähinde, Hytaýda we Alp daglarynda ýerleşer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir