«Awatar» filminiň dördünji bölüminiň surata düşürilip başlanjak senesi aýan edildi. Muny franşizada Jeýk Sally atly gahrymanyň keşbini janlandyran awstraliýaly aktýor Sem Wortington «People» neşirine beren interwýusynda mälim etdi diýip, lenta.ru habar berýär Artist «Awatar» filmleriniň režissýory Jeýms Kemeronyň dördünji bölümi surata düşürmek işlerine 2024-nji ýylyň fewral aýynda girişjekdigini aýtdy. Wortingtonyň bellemegine görä, 2029-njy ýylda görkeziljek «Awatar 4» filmi tomaşaçylaryň göz öňüne getirişinden hem «has uly zat» bolar. Şol bir wagtyň özünde, «Awatar» filminiň üçünji bölümi 2025-nji ýylyň dekabrynda çykar. Franşizanyň režissýory Jeýms Kemeron bu taslama barada durup geçip, filmiň sýužetinde üýtgeşmeleriň bardygyny aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir