Ýeňil agram derejesinde UFC-niň russiýaly çempiony Islam Mahaçew «X» sosial ulgamynda 8-nji iýunda geçiriljek indiki söweşinde amerikaly Jastin Getji bilen duşuşmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Şeýle hem Mahaçew noýabr aýynda Çarlz Oliweýra – Arman Sarukýan tutluşygynyň ýeňijisi bilen söweşjekdigini ýazdy. 2025-nji ýylyň fewral aýynda hem söweş geçirmek meýilleşdirilýär, ýöne garşydaş heniz kesgitlenmedi. 8-nji ýanwarda UFC-niň başlygy Dana Uaýt Oliweýra – Sarukýan tutluşygynyň ýeňijisiniň ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrunda bäsleşmäge mümkinçilik aljakdygyny aýtdy. Söweşijileriň ikisi-de ozal Mahaçewden ýeňilipdiler – Sarukýan 2019-njy ýylda eminleriň çözgüdi bilen, Oliweýra bolsa 2022-nji ýylda demikdiriji tilsim arkaly. Getji dekabr aýynyň ahyrynda Mahaçew bilen söweşe taýýardygyny aýtdy. 35 ýaşly Getjiniň MMA-da 25 ýeňşi we dört ýeňlişi bar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir