“RBK Life” neşiri 2024-nji ýylda çykmagy meýilleşdirilýän iň uly býujetli filmleriň bäşligini düzdi. Sanawda birinji orny 230 mln dollar býujet bilen “Furiosa: A Mad Max Saga” (“Фуриоса: Хроники Безумного Макса”) filmi eýeledi. Awstraliýaly režissýor Jorj Milleriň bu blokbasteri “Mad Max: Fury Road” (“Безумный Макс: Дорога ярости”) lentasynyň prikwelidir. Onuň premýerasy 2024-nji ýylyň 22-nji maýyna meýilleşdirilýär. Filmde Anýa Teýlor-Joý we Kris Hemswort surata düşdi. Sanawyň yzyny “Argylle” (“Аргайл: Супершпион”) dowam etdirýär. Bu film ýazyjy Elli Konweýiň adybir romanyna esaslanýar. Lentany surata düşürmek üçin 200 mln dollar sarp edildi. Filmde baş gahrymanyň keşbini Genri Kawill ýerine ýetirýär. Şeýle-de, filme Braýs Dallas Howard, Jon Sina, Braýan Krenston, Sem Rokuell, aýdymçy Dua Lipa gatnaşýar. Todd Fillipsiň “Joker: Folie a Deux” (“Джокер: Безумие на двоих”) kartinasynyň önümçiligine 150 mln dollar sarp edildi. Film kinoteatrlarda 2024-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda – ilkinji filmiň relizinden bäş ýyl soň çykar. Dramanyň ikinji bölüminiň wakalary Artur Flegiň çagalyk döwrüni geçiren Arkhem psihiatrik bejeriş jaýynda bolup geçer. Jokeriň keşbini ýene Hoakin Feniks ýerine ýetirdi, Harli Kwinniň keşbini bolsa aýdymçy Ledi Gaga janlandyrdy. Sanawda dördünji orny Sintiýa Eriwo we Ariana Grande bilen “Wicked” (“Злая”) eýeleýär (býujet: 145 mln dollar). Film iki bölüme bölner, olaryň birinjisi 2024-nji ýylyň 25-nji dekabrynda çykar. Sýužet Oz ýurdunyň iki jadygöýi – zalym Elfabe (Eriwo) bilen rehimli Glindeniň (Grande) töwereginde ýaýbaňlanýar. Bäşligi 130 mln dollar býujet bilen “Kraven the Hunter” (“Крэйвен-охотник”) filmi jemleýär. Bu film adybir gahryman baradaky Marvel komikslerine esaslanýar. Komiksleriň sýužetlerinde Kreýwen Möý adamy öldürmek isleýän ganhordyr. Baş keşbi Aaron Teýlor-Jonson, onuň kakasyny Rassel Krou ýerine ýetirdi. Filmiň premýerasy 2024-nji ýylyň awgust aýyna meýilleşdirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir