Söwda sessiýasynyň dowamynda bitkoiniň bahasy 2022-nji ýylyň 30-njy martyndan bäri ilkinji gezek 47 müň dollar belliginden geçdi. Bu barada Coindesk platformasynyň maglumatlaryna salgylanyp, TASS habar berýär. Aşgabat wagty bilen sagat 00:59-daky maglumatlara görä, bitkoiniň bahasy 6,33% ýokarlanyp, 47 054 dollara ýetdi, şondan soň ösüşini haýallatdy. Öň, söwda sessiýasynyň dowamynda kriptowalýutanyň bahasy 2022-nji ýylyň 4-nji aprelinden bäri ilkinji gezek 46 müň dollardan geçipdi. Aşgabat wagty bilen 23:48-däki maglumatlara görä, bitkoiniň bahasy 6,23% ýokarlanyp, $46,887 derejesinde boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir