Ýaponiýanyň Toyota awtokonserni yzygider dördünji ýyl ulag serişdeleriniň satuw göwrümi boýunça halkara bazarynda öňdebaryjylygy saklaýar. Bu barada Kyodo agentligine salgylanyp, TASS habar berýär. Toyota heniz 2023-nji ýyl üçin degişli statistikany mälim etmedi, ýöne agentlik awtokonserniň geçen ýylyň ýanwar aýyndan noýabr aýy aralygynda 10,22 mln awtomobil satyp bilendigini çaklady. Şol bir wagtyň özünde Toyota-nyň esasy bäsdeşi bolan Volkswagen awtokonserni 2023-nji ýylda 9,24 mln ulag serişdesini satdy, bu hem ýapon korporasiýasynyň öňdebaryjy ornuny berkitdi. 27-nji dekabrda Toyota 2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan noýabr aýy aralygynda awtokonserniň 9,23 mln awtomobil çykaryp, halkara önümçiligiň rekord ýyllyk möçberine ýetendigini habar berdi. Öňki rekord 2019-njy ýylda hasaba alyndy, şonda 9,05 mln ulag serişdesi öndürildi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir