ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişligini öwreniş müdirligi (NASA) Artemis II we Artemis III Aýa uçuryş we gonduryş missiýalaryny bir ýyl yza süýşürdi. RBK bu barada ýolbaşçylaryň resmi beýanyna salgylanyp habar berýär. “Howpsuzlyk ilkinji nobatda durýar we Artemis toparlaryna irki ösüş, amaly we integrasiýa kynçylyklaryny ýeňip geçmek üçin has köp wagt bermek isleýäris. Artemis 2 missiýasy indi 2025-nji ýylyň sentýabr aýyna, 2026-njy ýylyň sentýabr aýyna bolsa Artemis 3 missiýasy meýilleşdirilýär. Bu - adamlaryň Aýyň Günorta polýusyna ilkinji gezek gonuşy bolar. Artemis 4 missiýasy 2028-nji ýylyň sentýabr aýyna meýilleşdirilýär "- diýip, NASA-nyň dolandyryjysy Bill Nelson onlaýn-konferensiýada aýtdy. Artemis kosmos maksatnamasy Aýda uzak möhletli ylmy gözlegleri geçirmegi we Marsa ekspedisiýa taýýarlanmagy maksat edinýär. Ol birnäçe tapgyrda amala aşyrylýar. Artemis I 2022-nji ýylda Orion kosmos gämisi şol ýylyň awgust aýynda Ýeriň emeli hemrasyna uçurylandan soň, noýabr aýynda Ýuwaş ummanyna gonmak bilen üstünlikli tamamlandy. Artemis II tapgyry 2024-nji ýylyň ahyrynda dört adamdan ybarat ekipaž bilen Aýa uçuşy göz öňünde tutdy. Artemis III missiýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek kosmonawtlary gondurmagy göz öňünde tutýar. Artemis IV missiýasy 2028-nji ýylda meýilleşdirilýär, bu Orion kosmiki gämisiniň Aýa uçuşyny we dört kosmonawtyň Gateway Aý orbital stansiýasyna eltilmegini öz içine alýar. Soňkusynyň döredilmegine Ýewropanyň kosmos gullugy hem gatnaşýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir