Ispaniýanyň «Real» (Madrid) topary basketbol boýunça Ýewroliganyň 19-njy tapgyrynyň oýnunda Türkiýäniň «Anadolu Efes» toparyndan üstün çykdy. Madridde geçen duşuşyk ýer eýeleriniň 130:126 (25:18, 13:18, 26:25, 17:20, 49:45) hasabynda ýeňşi bilen tamamlandy. Toparlar dört owertaým oýnadylar, bu Ýewroliganyň taryhynda iň uzak oýun boldy diýip, ýaryşyň metbugat gullugy habar berýär. Şeýle hem «Real» we «Efes» jemi 256 utuk toplap, bir oýunda toplanan iň köp utuk boýunça Ýewroliganyň rekordyny goýdular. Ýaryşyň taryhynda ilkinji gezek toparlaryň biri 130 utuk toplady. Türk toparynyň goragçysy Şeýn Larkin Ýewroliganyň taryhynda meýdançada 53 minut geçiren ilkinji basketbolçy boldy. Madridiň topary 17 utuk gazanyp, ýaryşyň sanawynda birinji orny eýeledi. Türk topary ýedi utuk toplap, 15-nji ýerde ýerleşdi.