Samsung kompaniýasy ýönekeý göz bilen görüp boljak 3D şekillerini göterýän oýun monitorynyň döredilendigini yglan etdi. Kompaniýa monitoryň iş prototipini CES 2024 sergisiniň açylyşyndan öň Digital Trends neşiriniň žurnalistlerine görkezdi diýip, ixbt.com habar berýär. Displeý ulanyjynyň kellesini we gözlerini yzarlaýan ekranyň ýokarky böleginde ýerleşen iki kameranyň kömegi bilen wizual 3D effektleri döredýär. Işläp düzüji 3D effekti Lies of P oýnunyň mysalynda görkezdi. Žurnalistler bu görkezilişden galan täsirler barada gürrüň berdiler, olar “displeýiň ekranynyň öňünde howada gaýýan tozany we gurjaklaryň ekrandan uçup çykýan kellesiz böleklerini” gördüler. Samsung-yň aýtmagyna görä, displeý 2D-den 3D-e bada-bat geçip bilýär we mazmuny öwürmek üçin haýsydyr bir ýörite programma üpjünçiligini talap etmeýär. Kompaniýa ýylyň dowamynda goşmaça maglumatlary bermegi wada berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir