ABŞ-nyň Garward we Boston uniwersitetleriniň alymlar topary Parkinson keseli bilen kesellänlere ýykylman we gapdaldan söýeg berilmezden ynamly ýöremäge kömek edýän “ýumşak” ekzoskelet döretdi. Bu barada 3DNews TechCrunch-e salgylanyp habar berdi. Parkinson keseli bolan adamlar daýanç-hereket ediş agzalarynyň sökelliklerini başdan geçirýärler we el-aýaklarynyň hereketiniň amplitudasynyň gysgalmagy sebäpli ýöremekde kynçylyk çekýärler. Netijede, bu kesele ýolugan hassalar wagtal-wagtal doňup, deňagramlylygyny ýitirip we ýykylyp bilerler. Şol sebäpli olara özbaşdak hereket etmek kyn. Hünärmenler tarapyndan döredilen ekzoskelet datçikleriň ulgamy arkaly belli bir adamyň ýöreýiş aýratynlyklaryna uýgunlaşýar we aýaklaryna dakylýan hereketlendirijileriň kömegi bilen gerekli pursatda herekete itergi berýär, häsiýetli doňmagy düýbünden ýok edýär. Parkinson keselinden ejir çekýän 73 ýaşly bir adamda ekzoskelet synagdan geçirilende näsag ýokary tizlikde we doňmazdan köp ýöremegi öwrendi hem-de açyk ýerlerde häsiýetli doňma has seýrekleşdi. Bu adam ýöreýän wagty gürrüňdeş bolmagy hem başardy, ýogsam degişli enjam bolmasa muny etmek kyn bolardy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir