Samsung 9-11-nji ýanwarda Las-Wegasda geçiriljek Consumer Electronics Show (CES) sergisi üçin birnäçe täze önümleri taýýarlady. Wakanyň öňüsyrasynda kompaniýa täze telewizorlary we ses panellerini, şeýle-de dört sany täze Premiere proýektoryny, şol sanda dünýädäki ilkinji simsiz 8K proýektory görkezdi. Bu barada ixbt.com habar berýär. Samsung Premiere 8K 4000 lýumene çenli ýagtylygy bolan üç reňkli DLP lazerini ulanýar, ol 10 metr radiusda 8K wideony proýektora simsiz geçirip bilýän Wi-Fi 7 Wireless One Connect Box modulyny goldaýar. Proýektor 30 sm töweregi aralykdan 150 dýuým ekrany proýektirläp bilýär. Premiere 8K 100 Wt kuwwatly Dolby Atmos ses sistemasyna hem eýedir. Sound-on-Screen tehnologiýasynyň kömegi bilen bolsa ses meýdany proýektordan ekrana geçirilip bilner, netijede şekil has hakyky görner. The Premiere 5 proýektory kompaniýa tarapyndan dünýädäki iň kiçi üç reňkli ultra-gysga-fokusly lazer proýektory hökmünde häsiýetlendirildi, onuň uzynlygy 200 mm, ini we beýikligi bary-ýogy 140 mm, agramy 1,7 kg.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir