Consumer Electronics Show (CES) 2024 sergisiniň öňüsyrasynda Samsung Electronics ilkinji gezek dury yşyk diodly MicroLED displeýini hödürledi. Bu barada ixbt.com habar berýär. Aýna ýaly telewizorlar ulanyjylaryň kontent görmekde mümkinçiliklerini giňelder diýip, öndüriji hasaplaýar we dury MicroLED displeýiniň tomaşa sferasynda rewolýusiýany amala aşyrjakdygyny we dünýäniň ähli ýerinden sarp edijileri özüne çekjekdigini belleýär. Tehniki maglumatlar 9-njy ýanwardan 11-nji ýanwar aralygynda geçiriljek hojalyk elektronikasynyň we maglumat tehnologiýalarynyň sergisinde hödürlener.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir