Russiýanyň Nowosibirsk döwlet tehniki uniwersitetiniň hünärmenleri otag temperaturasynda miweleriň, gök önümleriň we ir-iýmişleriň saklanyş möhletini uzaltmaga ukyply biopolimerlerden ybarat gel döretdiler. TASS-yň habar bermegine görä, miweleri gaplanylýan wagtynda we gönüden-göni agajyň şahasynda gaýtadan işläp bolýar. «Biogeliň ýuka gatlagy miweleri çalt guratmakdan goraýar – almanyň otag temperaturasynda saklanýan wagty üç esse ýokarlandy – ol üç hepde zaýalanman saklanýar» diýip, NDTU NETI-niň elektrofiziki enjamlar we tizlendirijiler kafedrasynyň mugallymy Ýekaterina Litwinowa belledi. Uniwersitetiň hünärmenleri geli almalaryň we mandarinleriň üstünde synagdan geçirdiler. Litwinowanyň pikiriçe, täsin geliň düzümine iki sany biopolimer we birleşdiriji serişde girýär. Önüm dolulygyna organiki serişdedir, ol miweleriň we ir-iýmişleriň üstünden akar suw arkaly ýuwulyp bilner, onuň bedene düşmegi adamlar üçin zyýansyzdyr. Deňeşdirmek üçin Litwinowa azyk senagatynda almany uzak wagtlap saklamak üçin ulanylýan mumy mysal getirdi. Hünärmen, gelden tapawutlylykda, mumuň doly dargamaýandygyny belleýär. Biogeli sepýän enjamlaryň gaplama önümçiligine ornaşdyryljakdygy çak edilýär. Mundan başga-da, ony daýhanlar ýetişdiren ekinleri üçin ulanyp bilerler. Alymlar ýaz-tomus möwsüminde bu geli käşir we miwelerde synag etmegi meýilleşdirýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir