«LG Electronics» kompaniýasy «LG-niň» 4 esse tizlikli öňdebaryjy emeli aň prosessory bilen enjamlaşdyrylan we şekiliň ýokary hilini üpjün edýän 2024-nji ýylyň önümçiligine degişli OLED telewizorlaryny tanyşdyrdy. «LG SIGNATURE OLED M4» we «LG OLED G4» telewizor modelleri «LG» tarapyndan işlenip düzülen täze «Alpha» emeli aň prosessory bilen üpjün edilendir. Ol Bu prosessor telewizoryň öndürijiligini ep-esli artdyrmak arkaly şekiliň we sesiň hilini ýokarlandyrýar. Bu telewizorlarda has dury şekil üçin her pikseli seljerýän öňdebaryjy ameli-aň-apskeýling tehnologiýasy ornaşdyryldy. Mundan başga-da, olaryň prosessory reňkleri optimizirleýär we şekili has täsirli edýär, «Dynamic Tone Mapping Pro» funksiýasy bolsa şekillere çuňluk we realizm goşýar. «LG OLED evo» modelleri has ýokary şekil hili üçin «ClearMR1» sertifikasiýasyndan geçdi, 144Hz täzeleniş tizligi, 4K we HDMI 2.1 goldawy ýaly aýratynlyklara bolsa geýmerler ýokary baha bererler. «LG-niň» 2024-nji ýylyň önümçiligine degişli akylly telewizorlarynda 10 profile çenli ulanmaga mümkinçilik berýän ösen şahsylaşdyrma (personalizasiýa) hem ornaşdyryldy. Täzelenen «webOS» arkaly ulanyjylar öý ekranlaryny aňsatlyk bilen düzüp bilerler.