Türkiýäniň “Beşiktaş” futbol klubunyň täze baş tälimçisi 69 ýaşly portugaliýaly Fernandu Santuş boldy. Bu barada toparyň metbugat gullugyna salgylanyp, Anadolu agentligi habar berýär. Santuşyň ýolbaşçylygynda Portugaliýanyň milli ýygyndysy Ýewropa çempionatynda (2016) we Milletler ligasynda (2019) ýeňiş gazandy. Ol 2016-njy ýylda IFFHS tarapyndan ýylyň tälimçisi hökmünde ykrar edildi. Santuş futbol karýerasyna 1966-njy ýylda Portugaliýanyň “Benfika” klubunyň ýaşlar düzüminde başlady. Professional karýerasy “Eştoril-Praýada” başlady. Ol toparyň düzüminde 216 oýna gatnaşdy. Santuş hünäri boýunça elektrik inženeridir. Dürli döwürlerde ol Portugaliýanyň üç esasy klubuna tälimçilik etdi – “Portu”, “Benfika” we Lissabonyň “Sportingi”. Ol baş tälimçi hökmünde Gresiýada “AEF Afiny”, “PAOK” we “Panatinaikos” klublarynda hem işledi, Gresiýanyň, Portugaliýanyň we Polşanyň milli ýygyndylaryna ýolbaşçylyk etdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir