8-nji ýanwarda tutuş Ýaponiýada milli baýramçylyk – kämillik ýaşynyň güni bellenilýär. Emma häkimiýetler dowam edýän ýertitremelerinden ejir çeken ýurduň köp etraplarynda resmi dabaralary we baýramçylyk çärelerini ýatyrmak kararyna geldiler diýip, TASS habar berýär. 2023-nji ýyldan başlap, baýramçylyk Ýaponiýanyň 18 ýaşyna ýeten ähli ýaşaýjylaryna degişlidir, çünki ýurtda kämillik ýaşy resmi taýdan 20-den 18 ýaşa çenli düşürildi. 18 we 19 ýaşly ýaponiýalylaryň indi saýlawlarda ses bermäge ýa-da öz adyna bank hasabyny açmaga hukugynyň bardygyna garamazdan, ýurtda alkogol we temmäki önümlerini peýdalanmaga henizem 20 ýaşdan rugsat berilýär. Kämillik ýaşynyň güni ýaponiýaly ýaşlar, esasanam gyzlar üçin möhüm baýramçylykdyr. Ýaponiýaly ýaş gyzlaryň köpüsi bu baýramy uzyn, pola çenli ýetýän ýeňleri bolan açyk reňkli gyşky kimonolary geýip garşylaýarlar. Bu lybas uly düwün bilen daňylan “obi” atly guşak we dakma sütük ýaka bilen bezelendir. Aýaklara bolsa “dzori” atly ýalpyldawuk çepek geýilýär. Bu günde Tokionyň kämillik ýaşyna ýeten ýaşaýjylary, köplenç, deň-duşlary bilen “Meýdzi” atly esasy sintoizm ybadathanasyna gidýärler, şol ýerde däp-dessurlara görä, saglyk we abadançylyk dileýärler hem-de ýadygärlik surata düşýärler. Şeýle hem şol gün milli ýapon lybaslaryny synlamak üçin daşary ýurtly syýahatçylaryň arasynda hem meşhurdyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir