Portugaliýaly hünärmen Žoze Mourinýo möwsümiň ahyrynda «Romanyň» baş tälimçisi wezipesinden gitmek mümkinçiligini pikirlenýär diýip, RIA Nowosti «Foot Mercato» salgylanyp habar berýär. Rimiň futbol topary bilen 60 ýaşly hünärmeniň häzirki şertnamasy 2024-nji ýylyň tomsuna çenli niýetlenendir. «Roma» 19 tapgyrda 29 utuk gazanyp, Italiýanyň çempionatynda sekizinji orunda barýar. Mourinýo 2021-nji ýyldan bäri «Roma» toparyna ýolbaşçylyk edýär. 2021/22-nji möwsümde ol topar bilen Konferensiýalar ligasynda ýeňiji bolup, rimlilere Ýewropa kubogynda ilkinji ýeňşi getirdi. Ozal portugaliýaly hünärmen Angliýanyň «Mançester Ýunaýted» we «Çelsi», Madridiň «Real», Italiýanyň «Inter», Portugaliýanyň «Portu», «Leýriýa» hem-de «Benfika» toparlaryna tälimçilik etdi. Mourinýo Çempionlar ligasynyň we Ýewropa ligasynyň (öňki UEFA kubogy) hersinde iki gezek ýeňiji boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir