ABŞ-da Apple Vision Pro garyşyk hakykat tuwulgalarynyň satuwy 2-nji fewralda başlar diýip, kompaniýanyň baş direktory Tim Kuk aýtdy. Enjamyň haçan beýleki ýurtlarda satuwa çykaryljakdygy entek belli däl. Kompaniýanyň web sahypasy deslapky sargytlaryň 19-njy ýanwardan başlap resmileşdirilip bilinjekdigini habar berdi. Vision Pro Apple-iň, iPhone-dan soň, iň möhüm enjamy diýilýär. Kompaniýa azyndan 2015-nji ýyldan bäri garyşyk hakykat tuwulgasyny ösdürýär. Enjam ilkinji gezek 2023-nji ýylyň iýunynda görkezildi. Apple-iň garyşyk hakykat tuwulgasy sanly obýektleri we hakyky dünýädäki zatlary bir suratda birleşdirmäge mümkinçilik berýär. Enjamy sesiňiz, eliňiz we nazaryňyz bilen dolandyryp bolýar; garyşyk hakykat tuwulgasy üçin täze VisionOS operasiýa ulgamy döredildi. 256 GB içerki ýatly Apple Vision Pro-nyň bahasy 3 499 dollar bolar. Gajetiň çykmagy bilen kompaniýanyň bu bazaryň beýleki gatnaşyjylary - Meta, Sony we Microsoft bilen bäsleşmegine garaşylýar.