Bu ýyl howa gözegçilikleriň tutuş taryhynda iň yssy ýyl bolup biler diýip, hünärmenlere salgylanýan Bloomberg-iň habar berýändigini RBK ýazýar. Agentlik 2024-nji ýylda temperaturanyň ýokarlanmagynyň El-Niýo hadysasy - Ýuwaş ummanyň ekwatorial böleginde suwuň üstki gatlagynyň temperaturasynyň üýtgemegi bilen baglanyşykly boljakdygyny ýazýar. Tersine, suwuň üstki gatlagy sowasa, oňa La-Ninýa diýilýär. Iki hadysa hem aýlawly, bitarap faza hem bar. 2023-nji ýylyň temperaturasyna hut El-Ninýo täsir etdi, Bütindünýä Meteorologiýa Guramasy (WMO) ýyly heniz ol tamamlanmanka taryhda iň yssy ýyl diýip atlandyrypdy. Gurama geçen ýylyň ilkinji on aýynda global temperaturanyň senagatdan öňki ortaça görkezijiden 1,4 dereje ýokary bolandygyny belläp geçdi. Britaniýanyň meteorologiýa gullugy 2024-nji ýylda temperaturanyň bu görkezijiden geçip, 1,5 dereje bolmagynyň mümkindigini aýtdy. Alymlaryň bellemegine görä, El-Ninýonyň täsiri astyndaky ikinji ýyl köplenç birinji ýyldan has ýyly bolýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir