Aktýor Uillem Defo Los-Anjelesdäki “Şöhrat alleýasynda” hormatly ýyldyza mynasyp boldy. Çäre “Variety” neşiri tarapyndan göni ýaýlyma berildi diýip, championat.com habar berýär. Defo öz ýyldyzynyň öňünde dyza çökdi, ony ýerleşdirilenden soň ogşady we ýerinden turdy. Şeýle şatlykly pursatda aktýory Pedro Paskal, Mark Ruffalo, Gilýermo del Toro we Patrişa Arkett dagy goldady. Defo ähli kärdeşlerine we aýaly Jada Kolagrande goldawy we mähirli sözleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Aktýor bu wakanyň durmuşynda aýratyn bir pursata öwrülendigini belledi. Defo Sem Reýminiň “Möý adam” filmindäki Ýaşyl gobliniň keşbi, şeýle-de “Elhençlikler alleýasy”, “Garyplar-betbagtlar” we beýleki köp sanly filmler arkaly bellidir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir