Önümçilik wagtynda düzümine kofe löderesi goşulsa, beton 30% berkleşýär. Bu önüm şeýle görnüşde ulanylsa, organiki galyndylary gaýtadan ulanmak meselesini çözüp, daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaldyp biler diýip, Melburnyň Şa tehnologiýa uniwersitetiniň (RMIT) alymlary aýtdy. Dünýäde her ýyl 10 milliard kilogram kofe galyndylary emele gelýär, olaryň aglaba bölegi zibil meýdançalaryna düşýär. "Organiki galyndylary gaýtadan işlemek ekologiýa meselesini döredýär, sebäbi olar howanyň üýtgemegine täsirini ýetirýän köp mukdarda metan we kömürturşy gazyny çykarýar" - diýip, Inc. RMIT uniwersitetiniň inženeri Rajiw Roýçandyň sözlerini getirýär. Mundan başga-da, gurluşyk bazarynyň çalt ösmegi köp sanly ekologiýa meselesini döredýän, resursy köp talap edýän betona bolan islegi artdyrýar, sebäbi pudagy kanagatlandyrmak üçin tebigy çäge yzygiderli gazylyp alynýar. Kofe lödereleri ýaly organiki önümleri gönüden-göni betona goşmaly däl, sebäbi olar gurluşyk materialynyň güýjüni gowşadýan himiki maddalary bölüp çykarýar. Şonuň üçin gözlegçiler kofe galyndylaryny howasyz gurşawda 350° C-den ýokary temperaturada gyzdyrdylar (oňa piroliz diýilýär). Ol organiki molekulalary döwýär, netijede bioçar diýlip atlandyrylýan içi öýjük-öýjük, ugleroda baý agaç kömür emele gelýär. Şeýle hem gözlegçiler 500° C-de kofe löderelerini pirolizirlemäge synanyşdylar, ýöne emele gelen bölejikler gatybir berk bolmady. Bilermenleriň pikiriçe, gözleg entek başlangyç basgançakda, ýöne netijeler organiki galyndylaryň mukdaryny ep-esli azaltmagyň innowasion usulyny hödürleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir